Gurbansoltan eje adyndaky etraby 10 njy orta mekdebini
Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň 10 -njy orta mekdebiniň Informatika mugallymy Sultanmurat Niýazmetowyň 2016 -njy ýylyň aprel aýynyň 26 -synda 10 -njy “ a ” synpynda informatika sapagyndan “Internet torunda arabaglanyşyk” temasy boýunça geçirilýän açyk sapagy üçin döreden prezentasyýasy. Öňe
Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabynyň 10 -njy orta mekdebi Internet torunda arabaglanyşyk Başla
Internet torunda arabaglanyşyk Kompýuter torunda informasiýalary ibermek we kabul etmek dürli usullarda bolup geçýär. Torda habar alyşmagyň iki kadasy bar. Birinji kadada habarlary ibermek we kabul etmek wagta görä bölünendir. Elektron poçta boýunça habarlary ibermek we kabul etmek şu kadada amala aşyrylýar. .
Web portal – kompýuter torundaky ulanyjylara bu saýtyň çäginde işleýän dürli interaktiw hyzmatlary hödürlenýän saýtdyr. Eger birnäçe saýt şol bir domen at bilen birigen bolsa, Web portal birnäçe saýtdan ybarat bolup biler. Şonuň ýaly-da portallar Internetdäki informasiýalara elýeterlilik nokady ýa-da ulanyjylara Internetiň üstünden gerekli informasiýalaryny gözlänlerinde ýardam edýän saýt hökmünde işleýärler. Bu portallar dürli çeşmelerdäki informasiýalary şol bir görnüşde almaga mümkinçilik berýärler, olara nawigasion saýtlar hem diýilýär.
Ähli portallar gözleg funksiýany ýerine ýetirýärler, şonuň ýaly-da internet- serwisler, meselem: elektron poçta, täzelikleriň lentasy we ş. m. bilen işlemäge mümkinçilik berýärler. Portalyň işiniň esasy ideýasy – özüne ulanyjylaryň köp sanyny çekmek üçin has ýokary derejede internet hyzmatlaryny etmek bolup durýar. Täzelikler zolagy (lentasy) – ulanyjylara ýygy -ýygydan täzelenip durýan informasiýalary gowşurmak üçin ulanylýan maglumatlaryň formatydyr. Bu informasiýany ýaýradyjylar ulanyjylara bu hyzmatdan peýdalanmaga mümkinçilik berýärler.
Täzelikler zolagy makalalaryň käbir çäklendirilen sanyndan, şonuň ýaly-da awtoryň zolagy ýa-da öý sahypasy ýaly gulluk informasiýalaryndan durýar. Täze maglumatlaryň ýüze çykmagy bilen olar öňki makalalary gysmak, süýşürmek arkaly zolaga goşulýar. Täzelikler zolagynda adatça 10 -20 makaladan köp bolmaýar.
Ikinji kadada arabaglanyşyk hakyky wagt kadasynda bolup geçýär. Bu kadadaky arabaglanyşygy habarlary pursatlaýyn alyş-çalyş etmegiň serişdeleri – programma-messenjerler (messenjer-iňlisçeden terjime edilende-aragatnaşykçy, hat gatnadyjy diýmegi aňladýar) üpjün edýärler. Şeýle programmalar kompýuter torunyň üsti bilen tekst, ses hatda wideo habarlary alyş-çalyş etmäge mümkinçilik berýärler.
Iň meşhur messenjerlere –Net. Meeting, Skype, Yahoo!, ICQ programmalary degişlidirler. Olaryň her biri aýratyn topar tarapyndan işllenip taýýarlanyp, aýratyn serwere, protokola eýedir. Adatça dürli torlaryň aralarynda gönümel aragatnaşyk ýokdur (meselem: Skype bilen ICQ). Internet telefoniýa (IP-telefoniýa) – hakyky wagt kadasynda sözleýiş signalyny Internet tor kanallary boýunça geçirip bilýän aragatnaşyk ulgamy hasaplanylýar. IP-telefoniýa boýunça ses aragatnaşygy esasan iki usul boýunça amala aşyrylýar:
IP-telefoniýa boýunça ses aragatnaşygy esasan iki usul boýunça amala aşyrylýar: 1. Kompýuter-kompýuter. Bu IP-telefoniýanyň ilkinji we iň ýönekeý usuly hasaplanylýar. Bu aragatnaşygyň amala aşyrylmagy üçin iki kompýuteriň hem ses kartalary, ses informasiýalaryny girizmegiň we çykarmagyň serişdeleri (mikrofon, kolonka) bilen üpjün edilen bolmagy zerurdyr.
2. Kompýuter-telefon. Bu usulda müşderileriň biri ýokarda agzalan apparat serişdeleri bilen üpjün edilen kompýuterli ýa-da telefonly bolmaly. Ikinji müşderi dünýäniň islendik künjeginde bolan adaty telefonly bolmaly. Bu ýagdaýda olaryň birleşmegi prowaýderler tarapyndan berilýän ýörite telefon şlýuzlary arkaly amala aşyrylýar.
Skype we ICQ Internet arabaglanyşygyň iň meşhur programmalarynyň biri hasaplanylýar. Bu programma hakyky wagt kadasynda tekst habarlarynyň kömegi bilen gepleşik geçirmäge, faýllary ibermäge, ses we wideo habarlary alyşmaga (internet-telefoniýa), telekonferensiýalary alyp barmaga mümkinçilik berýär. Skype programmasynda ses arabaglanyşygy üçin ulanyjynyň öz kompýuterinde multimedia serişdeleriniň: ses kartasynyň, mikrofonyň, ses kolonkasynyň ýa-da gulaklyklaryň bolmagy, wideo arabaglanyşyk üçin bolsa, web-kameranyň bolmagy zerur bolup durýar. Skype programmasy telekonfrensiýalary alyp barmaga mümkinçilik berýär.
Internet torunda telekonferensiýa diýlip, şol bir wagtyň özünde birnäçe müşderileriň sesli we wideo görnüşli arabaglanyşygyna düşünilýär. Skype programmasynda telekonfrensiýa geçirmek üçin oňa gatnaşyjylar Рaзговор – Добавить buýrugyny yzygiderli ýerine ýetirmek bilen, bir topara birleşýärler, soňra telefon suratly piktogrammanyň üstünde syçanyň çep gulagyna basmak arkaly jaň ýerine ýetirilýär. Audiokonferensiýalara 5 -10 müşderi gatnaşyp biler. Internetiň üsti bilen telefon arabaglanyşygy kompýuterden adaty telefona, mobil telefona jaň etmäge mümkinçilik berýär.
Şeýle-de köp ulanylýan Internet-peýjerleriň biri – ICQ programmasydyr (ICQ-“aý si kýu”– söz oýnatmasy bolmak bilen, ol ”men sizi gözleýärin”diýmekdir). ICQ ulanyja uniwersial internet nomeri (UIN) almaga mümkinçilik berýär. Bu nomer müşderini çagyrmak ýa-da gönümel gepleşmek üçin ulanylýar. ICQ– müşderi programmasyny www. icq. com serwerden mugt ýükläp bolýar.
Programma kompýutere gurnalandan soň, ICQ serwerler sistemasynda hasaba goýmak we UIN almak zerurdyr. Internete her gezek birigeniňizde programma siziň kompýuteriňiziň häzirki IP salgysyny kesgitleýär. Söhbetdeşligiň UIN bilip, oňa habary tiz iberip bolýar. ICQ gerekli abonentiň familýasy, ady, elektron poçtasynyň salgysy, ýaşaýan ýeri, ýaşy we ş. m. maglumatlaryň gözlegini ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär.
Yahoo! Messenjeri – hususy protokolyny ulanýan Yahoo kompaniýasynyň habarlary pursatlaýyn alyş-çalyş programmasydyr. Bu programma Windows, Mac, Linux(Unix) operasion sistemalarynda ulanarlykly bolup, mugt görnüşde ýaýradylýar. Ony ulanmak üçin öňünden Yahoo! portalynda hasaba durmak talap edilýär.
Yahoo! programmasy Internetiň beýleki ulanyjylary bilen hakyky wagt kadasynda arabaglanyşyk etmek üçin niýetlenen. Onda tekstli, sesli, hususanda köp ulanyjyly ses çaty görnüşindäki arabaglanyşyk; wideokonferensiýalar; mobil we stasionar tefonlara jaň etmek; faýllary alyş-çalyş etmek; onlaýn oýunlar we sazlar; Yahoo! portalynyň hyzmatlaryna sazlanýan elýeterlilik göz öňünde tutulandyr.
Soraglar 1. ICQ programmasy näme üçin niýetlenen? 2. IP telefoniýa näme? 3. Programma-messenjer nähili habarlary alyşmaga mümkinçilik berýär? 4. Skype programmasynyň nähili mümkinçilikleri bar? 5. Yahoo! programmasynyň nähili mümkinçilikleri bar? 6. Wideo konferensiýalary geçirmek üçin nähili apparat serişdeleri gerek? 7. IP telefoniýada aragatnaşygyň nähili görnüşleri bar?
Taýýarlan: Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň 10 -njy orta mekdebiniň Informatika we informasiýa tehnologiýalary dersi mugallymy Sultanmurat Niýazmetow. 2016 ý. Çykmak
- Slides: 18